RSS

SOŇKY HABARLAR

2 Noý

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji dünýä rekordy goýuldy

Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasy tarapyndan agram derejeleri özgerdilenden soňra, ilkinji gezek geçirilýändigi sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir.  Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň münberlerine eýýäm bäsleşigiň ilkinji gününden başlap köpsanly tomaşaçylar ýygnandy.  Ýaryşlary “D” we “S” toparlarynda 55 kilograma çenli agram derejesindäki zenanlar başladylar. Bu agramda öňdäki orny jemi 202 kilogram agramy galdyran nigeriýaly Çika Joý Aman...

DOWAMY
2 Noý

AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-OWGAN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň meseleleriniň giň toplumy go...

DOWAMY
1 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.  Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň halkara sport hereketine, sebit we ählumumy derejede sportuň wagyz edilmegine we ösdürilmegine ýene bir uly goşandy boljak şanly waka — Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen gutlady. Şunda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistany ygtybarly hem-de ör...

DOWAMY
1 Noý

Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady özygtyýarlylygynyň kepili

Paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.  Maslahatyň barşynda türkmen şaýy pullarynyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň haryt-pul gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri, bank ulg...

DOWAMY
1 Noý

AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...

DOWAMY
1 Noý

Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga aldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksadaokgunly strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz sport äleminde haýran...

DOWAMY
1 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmat...

DOWAMY