RSS

SOŇKY HABARLAR

8 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak bilen...

DOWAMY
7 Noý

Dünýä çempionaty - 2018: Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndy topary bäsdeşlerinden öňe saýlanýar

Paýtagtymyzda agyr atletika boýunça dünýäde birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlar dowam edýär. Erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agramlyk derejedäki bäsleşiklerde eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi öňe saýlandy. Ol Rio-de Žaneýroda çempion, 2017-nji ýylda dünýäniň çempiony, 2018-nji ýylda Jakartada geçen Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem ýeňiji boldy.  Ol eýýäm ilkinji synanyşykda 181 kilogram agramdaky şta...

DOWAMY
7 Noý

SEUL ŞÄHERINDE «KOREÝA RESPUBLIKASY – MERKEZI AZIÝA HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ» 11-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 6-7-nji noýabry aralygynda Seul şäherinde «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumynyň» Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde 11-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine bu forumda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary baştutanlyk edýär. Agzalan forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek,  şeýle hem ýurtlaryň işewür ada...

DOWAMY
6 Noý

Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi

Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlar geçirildi. B toparda çykyş edýän biziň türgenimiz Gülnabat Kadyrowa birden götermekde ikinji orny eýeläp, öňdäki orna mynasyp bolan bäsdeşinden bary-ýogy bir kilogram yza galdy. Itekläp götermekde ol ýedinji orny, umumylykda bolsa, öz toparynda üçünji orny eýelemek bilen, iň güýçli on türgeniň hataryna girdi.  A toparda gatnaşýan zenanlaryň arasynda medallar ugrunda bäsleşildi. H...

DOWAMY
6 Noý

TÜRKIÝEDE «TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT WE KITABYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahaty we hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de “Türkmenistan günleri” mynasybetli çäreler geçirildi...

DOWAMY
6 Noý

TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK KORPUSYŇ WEKILLERINIŇ AHAL WELAÝATYNDA ÝERLEŞÝÄN DÜZEDIŞ EDARASYNA SAPARY

2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna tanyşlyk sapary bilen bardylar. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy...

DOWAMY
6 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçild...

DOWAMY