SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. – Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Sizi eýran topragynda hoş gördük! Şeýle agyr günde eýran halkyna goldaw bermegiňiz we duýgudaşlyk bildirmegiňiz halkymyz we döwletimiz üçin uly ä...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi...
Halkara zähmet guramasynyň Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. HZG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýa...
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly dialogyň we özara syýasy erkiň netijesinde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösüşiniň yzygiderli dowam edýändigini bellediler. Diplomatlar ýokary...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ministr mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žo...
Niderlandlarda geçiriljek Atçylyk boýunça dünýä çempionatyna we ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işleri barada brifing geçirildi
Şu gün, 1-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärä — Atçylyk boýunça dünýä çempionatyna we ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...
Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli söz...