img
土库曼斯坦大使馆
中华人民共和国 - 北京
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

photo

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda paýtagtymyzyň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.

Iki goňşy döwletiň Prezidentleri geçiriljek üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýkäk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.