SOŇKY HABARLAR
Ýerine ýetiriji komiteti “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Aşgabat 2017 oýunlarynda hyzmatdaşdygyny yglan etdi
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Aşgabat 2017 oýunlaryna resmi hyzmatdaş hökmünde goşulýandygyny yglan etdi. “Türkmenhowaýollary” Türkmenistanyň awia gullugydyr we onuň baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu gulluk ýerli we halkara ýolagçy hem-de ýük gatnawlaryny, esasan Aşgabat Halkara howa menzilinden amala aşyrýar. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýe...
Türkmen tansçylary öz ussatlygyny görkezmäge taýýar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçiriljek sportuň iň söýgüli görnüşleriniň biri bolan tans sporty boýunça 2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda başlaýan ýaryş ýerli janköýerleriň bar ünsüni özüne çeker. Dört ýylda bir geçirilýän ýaryşa ýer eýeleriniň adyndan 10 türgen gatnaşar. Olaryň arasynda iň tejribelisi 29 ýaşly Aleksandr Sisekin bolup durýar. Ol birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen...
Aşgabadyň myhmanlary üçin gezelenç ugurlary
Aşgabatda, Aziada-2017-niň myhmanlary üçin gezelenç ugurlary boýunça synag geçirildi. Oňaýly syýahatçylyk awtobusynda gyzykly gezelenç daşary ýurtly myhmanlara paýtagtymyzyň owadan we belent binalaryny, özboluşly gözelliklerini synlamaga mümkinçilik berer. Soňky ýyllarda düýpli özgeren şäheriň taryhy hem-de daşary ýurt dillerini bilmek nukdaýnazaryndan taýýarlanan ýolbeletlere daşary ýurtly türgenlere, syýahatçylara, şeýle hem oýunlary beýan etjek žürnalistlere gürrüň bermäge zat köp bolar....
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Dokma senagaty ministrligine bardy, şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy. Bir aýdan gowrak wagt mundan ozal, 30-njy maýda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigini göz...
Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy
Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işini tamamlady. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi dostlukly ýurduň senagat we eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmakda netijeli meýdança boldy. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli mehanizmi bolmaga gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen sergi okgünly ösýän hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri we ugurlary bilen daşary ýurtly...
Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
Paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi, halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky komiteti hem-de Sinszýan – Uýgur awtonom oblastynyň hökümeti bilen bilelikde ilkinji gezek guraldy. Iki döwletiň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin dostlukly ýurduň önümleriniň gözden geçirilişini guram...
Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisine gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň gutlagy
Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işine başlaýar. Hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça özgertmeleri amala aşyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek,...