SOŇKY HABARLAR
Olimpiýa stadionynda V Aziadanyň ýapylyş dabarasy boldy
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Şeýle derejedäki we örän giň möçberli çäreleri geçirmek — munuň özi örän uly jogapkärçilik bolup durýar. Aşgabat bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi, parahatçylyk dörediji şäher hökmünde asylly ýörelgäni ýerine ýetirdi. Tutuş ýurdumyz täze taryhynyň şanly wak...
Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlarynyň jemleýji ýaryşlary geçirildi
Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. Türgenlerimiz jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar. HHR-iň topary jemi 97, şol sanda 42 altyn, 32 kümüş, 23 bürünç medal bilen ikinji orny EYR-iň ýygyndy topary jemi 118 medal...
“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmäge başlaýar
Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda bu göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň örän gysga wagtda häzirki amala aşyrylyşy taraplaryň ikisiniň...
Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öňdeligi ynamly saklaýar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy medallar sany boýunça ozalkysy ýaly birinji orny eýeläp, ýaryş sanawynda ýakyn bäsdeşlerinden artykmaçlygyny artdyrýar. Häzirki w...
Elektron sporty bilen Oýunlarda täze döwür başlaýar
Dünýä taryhyndaky ilkinji elektron sporty boýunça ýaryşy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda başlap, ýaryş “Dota 2”, “StarCraft II”, “Hearthstone” we “King of Fighters XIV” oýunlary boýunça geçiriler. Elektron sporty Oýunlarda görkezme sporty bolar. Ýaryş Aşgabat 2017 oýunlarynyň soňky güni bolan 27-nji sentýabra çenli üç günläp dowam eder. Ýaryşyň öňüsyrasyndaky bije toparlary we garşydaşlary kesgitledi. “Dota 2” boýunça toparlar “yzygiderli tertipde” bir topar g...
Abbasyň telebäsleşikde gazanan üstünliginden soň Aşgabat 2017-niň sahnasyna çykmagy
Telebäsleşikde üstünlik gazanan liwanly Sandra Abbas haçan-da Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sahnasyna çykanda, eminleriň üns merkezinde bolar. 28 ýaşly türgen şu ýyl Orta Gündogar boýunça geçirilen “Ýyldyzlar bilen tans etmek” atly telebäsleşikde Badih Abu Çakra atly şahyr artist bilen bilelikde çykyş edip, bu telebäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu bäsleşige ussat tansçy türgenler bilen bilelikde tans sportunda hiç hili tejribesi bolmadyk meşhur ýyldyzlar gatnaşýa...
Wasiliý Şestakow: sambonuň taryhynda täze sahypa açyldy
Mediamerkeziniň uly zalynda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow (Russiýa) çykyş etdi. Ol Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 20-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen mejlisinde sambony Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak barada karara gelnendigini habar berdi. 2018-nji ýylda Jakartada geçiriljek Aziýa oýunlarynda alty agram...