img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Okt

2-nji oktýabdra Aşgabada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen gelýär

2-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelýän Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçiriler. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk, netijelilik we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.  Hormatly Prezidentimiz Gurbangul...

DOWAMY
pic
30 Sen

Awtobenzin we pagta önümleri birža söwdalarynda esasy orny aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.  Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan, Türkiýeden,...

DOWAMY
pic
28 Sen

Döwlet Baştutanymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.  Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi dö...

DOWAMY
pic
28 Sen

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Maslahat köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlaryň gala-konserti geçirildi.  Ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň hem-de teleradio ýaýlymlaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” umumy milli döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda zehinli çagalaryň arasynda geçirýän bilelikdäki döredijilik gözden geçirilişi asylly däbe...

DOWAMY
pic
28 Sen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň hyzmatlaryny belledi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň—milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini ýokary döwlet sylaglary – “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar bilen belledi.  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly ç...

DOWAMY
pic
28 Sen

Baş sahypa Bölümler Aziada 2017 Türkemenistana hoş geldiňiz Teswirlemeler Kanunlar Mejlisde "Aşgabat 2017" oýunlarynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Mejlisde ýurdumyzyň parlamentiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemlerine bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi.  Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz üstüne ýüklenen şeýle ýokary derejeli sport çäresini geçirmek ýaly ýokary jogapkärçiligiň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardy.  Ýaryşlar Aziýa, Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň...

DOWAMY
pic
28 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisini hem-de ýörite wekilini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.  Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýdan Birleşen Millet...

DOWAMY