img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Ýan

Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Wekiliýetiň düzüminde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirliginiň başlygy, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara g...

DOWAMY
pic
28 Ýan

Ilçi Sorin Wasile Moldowan Rumyniýanyň ÝeB-niň Geňeşine başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi. DIM-iň saýtynda habar berlişine görä, duşuşyk Rumyniýanyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrylyşa bagyşlandy. Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guran çäresine ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar ber...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ YHDGM-NIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdirliginiň (YHDGM) başlygy Polat Bilbil oglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenilip geçildi. Şeýle hem bu guramanyň çäklerinde geçiril...

DOWAMY
pic
28 Ýan

RUMYNIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY AŞGABATDA BRIFING GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda, Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyp brifing geçirildi. Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçileri we wekilhanalarynyň hem-de halkara...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Türkmenistanda merdana Watan goragçylary sarpalanylýar

Şu gün ýurdumyzda şanly sene bolan Watan goragçylarynyň güni we Milli goşunyň döredilmeginiň 27 ýyllygy giňden dabaralandyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdelere, esgerlere, gullukçylara we harby talyplara iberen Gutlagynda ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda, belent sepgitlere ýetmekde Watan goragçylarynyň mynasyp goşandyny...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Tanymal türkmen nakgaşlarynyň Watan goragçylaryna bgyşlanan işleri

Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň žiwopis işleriniň we heýkelleriniň tematiki sergisi açyldy. Görkezilen suratlaryň ýordumlarynyň köpüsi jemgyýetimizde harby gullukçylara uly hormat goýulýandygy barada gürrüň berýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýakup Annanurowyň “Serhetçiniň maşgalasy” işinde serkerde çagalarynyň arasynda şekillendirilipdir. Körpeje ogly üç aýakly tigirde kakasyna harby salam berýär, uly ogly bolsa ýylgyr...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna

Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr....

DOWAMY