SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy: özgertmeleriň täze tapgyry
Ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, milli Liderimiziň 29-njy ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet düzümlerini özgertmek boýunça öňe süren wezipelerine bagyşlanan ýygnak geçdi. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden we şol mejlisde gol çekip, berkidilen resminamalary, hakykatda, milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän, olaryň halk hojalyk to...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝTÖB-nyň wekilleriniň biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ÝTÖB-nyň Wekilhanasynyň işleýän tutuş döwründe önjeýli hyzmatdaşlyk saklamagy bilen baglylykda Bankyň wekil...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk boýunça hökümet mejlisini geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň käbir agzalary bilen nobatdaky mejlisi geçirdi. Onda bazar gatnaşyklarynyň kemala gelýän şertlerinde döwletimiziň ykdysady we durmuş syýasaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, pudaklary ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň barşyna seredildi, ministrlikleriň we edaralaryň düzümlerini üýtgetmek hakynda möhüm çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz, ilki bilen,...
Итоги работы ученых Института химии в 2018 году представлены в специализированном сборнике
Более восьмидесяти изобретений и рационализаторских предложений вошли в сборник научных трудов, выпущенный Институтом химии Академии наук Туркменистана по итогам минувшего года. Работы ученых, представленные в издании, выполнены в содружестве с отраслевыми НИИ, сотрудниками высших учебных заведений, специалистами промышленных предприятий. Акцент в них сделан на внедрение в производство экономически эффективных разработок, основанных на применении местного сырья и передовых технологиях. На про...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUMYNIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY
2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Buharest şäherindäki Kotroçeni köşgünde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýewiň Rumyniýanyň Prezidenti jenap Klaus Werner Ýohannise ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem çärä Rumyniýanyň Prezidentiniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi jenap Bogdan Auresku, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Danus Sebastian Nekulaesku hem-de Ilçihananyň diplomatlary gatnaşdylar. Rumyniýanyň Prezidenti bilen gepleşikleriň bar...
TÜRKMENISTANYŇ BELARUS RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY GDA-NYŇ BAŞ BINASYNDA SERGI GURNADY
2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda GDA-nyň baş binasynda,Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi. Serginiň dabaraly açylyşynda GDA-nyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine Ýe...
Döwletiň ykdysady kuwwaty — jemgyýetiň we her bir adamyň rowaçlygyna
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 2025-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen we Türkmenistanda durmuşa geçirilip başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly ýol kartasydyr. Munuň özi türkmen ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze t...