SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNDA GEÇIRILEN DABARALY ÇÄRELER
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ussat çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, şeýle-de döredijilik işgärleriniň arasynda ahalteke atynyň keşbiniň sungatda iň gowy şekillendirilmegi boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerindäki bu dabaralar Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilýär....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ IX MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisiniň binasyna geldi. Bu ýerde Döwlet baştutanyny resmi adamlar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly we ýerli agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Binanyň foýesinde forumyň wekilleriniň we myhmanlarynyň Türkmenistanyň Prezide...
Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Hormatly halkara sergi-ýarmarka hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sizi ýurdumyzda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri özüniň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri we gamyşgulak bedew aty bilen şöhratlanyp gelipdir. Behişdi bedewleri...
«SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK» AÝYNYŇ ÇÄKLERINDE DIPLOMATIK KORPUSYNYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI
Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» aýynyň çäklerinde, Türkmenistanyň DIM-i aprel aýynyň dowamynda Aşgabat şäherindäki diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň toparlarynyň gatnaşmagynda birnäçe sport ýaryşlaryny gurnady. 6-7-nji aprelde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen ýaryşlarda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň wekili mynasyp boldy, ikinji we üçünji orunlary...
TÜRKMEN SÜRÜJILERI ASTRAHANDA GEÇÝÄN “KAGANYŇ ALTYNY-2019”ATLY RALLI-REÝDE ÜSTÜNLIKLI GIRIŞDILER
2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Astrahan oblastynda Russiýanyň ralli-reýdler boýunça ýaryşynyň ikinji tapgyry bolan “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdi başlandy. Bu halkara ýaryşyna Türkmen awtomobil sportuna “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan tejribeli sürüjiler wekilçilik edýärler. “Kaganyň Altyny-2019” ralli-reýdi üç günläp dowam edýär we oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gatnaşýar. Ýaryşyň umumy uzynlygy 700...
TÜRKMEN BEDEWINIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILJEK DABARALAR
Türkmenistanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasy, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahaty hem-de Halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy geçiriler. Mundan başga-da, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi« atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň we beýleki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokarda agzalan...