Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 
Mähriban uçurymlar!

Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan ajaýyp bilimler baýramy — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanjymyzdyr. Biziň beýik geljegimiz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, ähli üstünliklerimiz watansöýüjiligi, dostlugy we agzybirligi ýörelge edinen ýaşlarymyzyň — siziň edep-terbiýäňizde, giň aň-düşünjäňizde, ylym-bilimiňizde, döredijilikli zähmetiňizde, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan hakyky söýgiňizde hem-de milli buýsanjyňyzda jemlenendir.

Her güni beýik maksat üçin — Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bilen geçirmek uly mertebedir. Şoňa görä-de, kuwwatly Watanymyz üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak täze durmuşa gadam basýan mähirli, göwnaçyk we maksada okgunly ýaşlarymyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr.

Tehnologik ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerimizde, eýeleýän belent sepgitlerimizde mähriban halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda mähriban ýaşlarymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we tutanýerli zähmeti uly buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, siz ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, geljekde özüňiziň bilimiňiz, zehiniňiz, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini dolandyrmakdaky başarnygyňyz bilen eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz.

Mähriban uçurymlar!

Biz döwlet syýasatynda ýurdumyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna, şol sanda halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, paýhas gymmatlyklaryny özünde jemleýän bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri guruldy. Bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda umumybilim berýän mekdepleriň gurluşygy hem dowam edýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çäginde häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, saglyk we medeniýet öýleri, söwda merkezleri, stadion, muzeý bilen birlikde, umumybilim berýän täze mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň gurluşygyna badalga berilmegi bilim ulgamynda alyp barýan özgertmelerimiziň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Hormatly bilim işgärleri!

Bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda döwrebap özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek bilen, bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açýar.

Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bagtyýar durmuşyň hem-de beýik geljegiň, sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşiň hatyrasyna ylymly-bilimli, hünär taýdan taýýarlykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada döwletimiz hemişe uly alada eder.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 
Mähriban uçurymlar!

Sizi uly joşgun-dabaralara beslenýän «Soňky jaň» dabarasy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.