SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanym...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EYR-NYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammed Ahmadi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki doganlyk ýurduň Prezidentleri tarapyndan durmuşa geçirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösüşi bellen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň önjeýli işini ara aly...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen gitdi. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid bin Abdulaziz Al-Faleh bilen duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugurlarynyň biri ol hem energetika diplomatiýasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy...
Türkmenistanyň Pariždäki wekilhanasy futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol oýnuny gurady. Ol ýurdumyzda däp bolup galan köpçülikleýin-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy. Ýoldaşlyk duşuşygy dostlukly ýagdaýda geçdi. Duşuşyk tamamlanandan soň oýna gatnaşanlaryň iň ýaşyna we ýaşulysyna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy, ol Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Bu döredijilik duşuşygynyň çäklerinde dürli çäreler türkmen paýtagtynda, şeýle hem Mary şäherinde uly üstünlik bilen geçirildi hem-de köp öwüşginli baýramçylyk hökmünde iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berd...
Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine
Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresiniň geçiriljek wagtyna çenli bir aýdan hem az wagt galdy, bu duşuşyga dünýäniň energetika bazaryna esasy gatnaşyjylar ýygnanar. Bu strategiki häsiýetli ulgamy mundan beýläk-de özgertmegiň ýolunda maýa goýum mümkinçiliklerini açmagyň çözgütlerini kabul etmek üçin binýady döredýän möhüm waka taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika topl...