img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.  Döwlet Baştutanymyz iş maslahaty...

DOWAMY
pic
10 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ 108-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda Ženewada Milletler Köşgünde Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji mejlisi öz işine başlady. Plenar mejlisinde HZG-nyň agza ýurtlarynyň 40-dan gowrak döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň çykyş etmeklerine garaşylýar. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti plenar mejlisiniň dowamynda çykyş eder, Türkmenistanyň HZG-daky agzalygynyň geçen 25 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň milli kanunçylygy ösdürmek we on...

DOWAMY
pic
9 Iýun

ASTRAHANDA WE ELISTADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 295 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELER GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygy rus tarapy bilen birlikde Astrahan welaýatynyň we Kalmykiýa Respublikasynyň administratiw merkezlerinde türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň tapgyryny gurnady we geçirdi. 2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy, şeýle hem Astrahan döwlet filarmoniýasynda bilelikdäki türkmen-astrahan konserti geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji iýu...

DOWAMY
pic
8 Iýun

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy...

DOWAMY
pic
8 Iýun

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gazagystandan, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň...

DOWAMY
pic
7 Iýun

DÖM ULGAMYNDAKY MEÝLETIN MILLI SYN BOÝUNÇA TANYŞDYRYŞ ÇÄRESI

2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle hem BMG-niň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň deslapky tanyşdyrylyş dabarasy geç...

DOWAMY
pic
7 Iýun

AŞGABATDA «AMYDERÝANYŇ AŞAKY AKYMYNDA EKOULGAMLAÝYN ÇEMELEŞMÄNIŇ ESASYNDA ÝERDEN PEÝDALANMAK WE EKOULGAMLARY GORAP SAKLAMAK» ATLY SEBITLEÝIN TASLAMASY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Amyderýanyň aşaky akymynda ekoulgamlaýyn çemeleşmäniň esasynda ýerden peýdalanmak we ekoulgamlary gorap saklamak» atly sebitleýin taslamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa ornaşdyrylýan bu taslamanyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bolup durýandyr.   Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Ob...

DOWAMY