SOŇKY HABARLAR
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-niderland gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara gün terti...
Türkmenistan Parahatçylyk medeniýeti boýunça BMG-niň ýokary derejeli forumynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň garaýşyny beýan etdi
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda «Parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde zenanlaryň liderligi» atly Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli forum geçirildi. Çäre BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/294 belgili «Parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnama we Hereketler maksatnamasy bilen bagly işleriň do...
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemek hem-de Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamak boýunça Ählumumy taslamasynyň çäklerinde milli seminar geçirilýär. Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy b...
Türkmenistanyň we Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak tarapyndan gol çekildi. Ähtnama biodürliligi goramak, t...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Toşimisu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito...
В Ашхабаде состоялась встреча Министров иностранных дел Туркменистана и Японии
30 августа 2026 года в здании МИД Туркменистана состоялась встреча делегаций во главе с Министром иностранных дел Туркменистана Рашидом Мередовым и Министром иностранных дел Японии Тосимицу Мотэги, прибывшим в Ашхабад с визитом. В ходе встречи стороны обсудили нынешнее состояние и перспективы развития туркмено-японских связей в политико-дипломатической, торгово-экономической и культурно-гуманитарной областях. Было особо подчёркнуто, что основой импульс развитию межгосударственных связей пр...
DIM-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistanda diplomatik işini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady...