SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy Li Dal Gonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar işewür gatnaşyklary giňeltmegiň we iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýol...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory Kim Jin Pýonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny, şol sanda innowasiýalar, häzirki zaman tehnologiýalary we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurdu...
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Prezident Serd...
Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda...
Визит группы супруг послов и дипломатов иностранных государств в город Сиань — 2026
7 сентября 2026 года в Сиане официально стартовало международное мероприятие «Встреча с Циньлином — рассказ о прекрасном: поездка супруг послов иностранных государств в Сиань — 2026». Организаторами выступают Медиакорпорация Китая CRI-online, а также Народное правительство Сианя и Канцелярия по иностранным делам. В событии участвуют представители Туркменистана, Йемена, Сенегала, Латвии, Вьетнама, Украины и других стран. В рамках церемонии открытия от имени группы с речью выступила представите...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-niderland gatnaşyklaryna goşmaça itergi bermek üçin bar bolan mümkinçiliklere garaldy. Hususan-da, syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki hy...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Premýer-ministr Nikol Paşinýan Ermenistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini, dostluga we deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň...