Ýaş zehinler — türkmen ylmynyň geljegi

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi türkmen ylmynyň ösdürilmegine, ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň höweslendirilmegine, milli ykdysadyýetimize goşandynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Hut şu wezipeler Türkmenistanyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasaty ulgamynda Döwlet maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girizildi.

Ylymlar akademiýasynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen Ýaş alymlaryň merkezi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň geňeşleri görnüşinde hereket edýär. Bu ylym-bilim düzümleri ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ylmy bähbitlerini hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, halkara forumlara hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaş alymlary bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga giňden çekmäge gönükdirilendir.

Aň-paýhas bäsleşigine barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň, ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, işjeň ylmy işe gyzyklanma bildirýän islendik hünärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýar.

Bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy netijesinde onuň abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýyl ýaş alymlaryň bäş ýüzden gowragy ýurdumyzyň ylmynyň nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleri önümçiligi tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ulgamlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny hödürlediler.

Emin agzalary hödürlenen ylmy işleriň wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak zerurlygy nukdaýnazaryndan bäsleşigiň ýeňijileriniň 36-syny kesgitlediler.

Türkmen döwlet uniwersitetinde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda belli ylym işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary hem-de aspirantlary gatnaşdylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda paýtagtymyzda 12 — 13-nji iýunda geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlagyny ýokary ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda: «Ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglary döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasap edilýär. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hem-de ylmy döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakynda alada döwletimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir» diýlip bellenilýär.

«Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, sanly tehnologiýalary özleşdirmeklerine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Ýaş alymlaryň döredijilik üstünlikleri döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiz ýaş alymlary ylmy işe hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk hem ähli tagallalary eder» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiziň adyndan bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri milli Liderimize ýaş nesil barada edýän ýadawsyz aladasy hem-de ýurdumyzyň ylmynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýaş alymlar şeýle hem eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli güýç-gaýratyny, zehinini we bilimini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym-önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we berkitmäge, ýaş alymlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns berýär. Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň 20-den gowragy işleýär. Olarda köptaraply ýokary hilli bilim almak, talyplaryň ylmy kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, maglumatlary alyşmak, dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli şertler döredildi.

Uniwersitetiň eýwanynda guralan ylmy işleriň sergisi ýaş alymlaryň ylym we döredijilik babatda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp beýanyna öwrüldi. Sergi kitap neşirlerini we ylmy işleriň ýygyndylaryny hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa önümlerini, gurluşyk, derman serişdelerini we beýlekileri öndürmegiň innowasion tehnologiýalary ulgamynda dürli düzümleriň hem-de oýlap tapyşlaryň taslamalaryny we şekillerini birleşdirdi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanylan «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary» atly ýygyndynyň nobatdaky goýberilişinde şu gezekki ylym bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleriniň netijeleri bilen tanyşmak bolýar. Neşir her ýyl okyjylara zehinli ýaşlaryň döredijilik gözlegleriniň, ylmy barlaglarynyň hem-de alyp barýan işleriniň ähli ugurlaryny hödürleýär. Zehinli ýaşlaryň tutanýerliligi hem-de ruhubelentligi eziz Watanymyzyň bütin dünýäde abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam eder.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ylmyny we bilimini okgunly ösdürmek babatda durmuşa geçirýän syýasaty, milletimiziň baý aň-paýhas kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň aýdym-saz toparlarynyň baýramçylyk konserti boldy.