img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Pekinde Hytaýyň Halkara Parahatçylyk gaznasynyň Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda gurnamagynda Parahatçylyk festiwaly geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Pekin şäherindäki Parahatçylyk seýilgähinde 12-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi. Bu çäre Hytaýyň Halkara Parahatçylyk gaznasy we Pekiniň Halkara Parahatçylyk medeniýeti gaznasy tarapyndan şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň Hytaýdaky Ilçihanalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy.

Festiwala daşary ýurtlaryň Hytaýdaky ilçileri we diplomatlary, halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we beýleki myhmanlar gatnaşyp, medeniýetara düşünişmegi we parahatçylygy öňe sürmegi dabaraly ýagdaýda bellediler.

Şu ýylky festiwal dünýä derejesindäki möhüm meseleler – dawaly ýagdaýlary parahatçylykly çözmek, global dolandyryş, medeniýetara hyzmatdaşlyk, Ýüpek ýollary boýunça medeni alyşmalar, ýaşlaryň ösüşi we halkara ynsanperwer kömegi ýaly temalar boýunça çykyşlary we pikir alyşmalary öz içine aldy.

Çäreleriň dowamynda halkara parahatçylygyň binýady we ähli halklaryň bähbitleriniň kepili bolup durýan Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň eýeleýän orny hem bellärliklidir. BMG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýar, esasanam döwletara jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek meselelerinde bu has-da möhümdir.

Aýratyn-da, şu ýyl Birleşen Milletler Guramasy Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama konsensus esasynda kabul edildi. Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi, bu bolsa bu başlangyjyň giňden halkara goldawyna eýe bolýandygyny görkezýär.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylyň şygaryna bagyşlanan giň göwrümli fotosergi hem-de milli däp-dessurlaryň baý mirasyny beýan edýän halk döredijilik we amaly-haşam sungaty sergisini gurady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, Türkmenistanyň häzirki zaman durmuşynyň fotosuratlary, medeni-taryhy ýadygärlikler, milli şaý-sepler we türkmen medeniýetiniň beýleki nyşanlary görkezildi. Bu sergi myhmanlara Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasynyň atmosferasyna çümmäge mümkinçilik berdi, şeýle hem häzirki zaman dünýäsinde däp bolan gymmatlyklary saklamagyň we wagyz etmeginkiň möhümdigini nygtady.