img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabat şäherinde geçen Işewürler Forumynyň we Serginiň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş forumy barada

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Hytaýyň kärhanalaryny daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň (HKDÝÖA; CODA - China Overseas Develompment Assosiation) bilelikde gurmagynda hem-de “Hytaý-Türkmenistan medeniýet merkezi” kompaniýasynyň we beýleki hyzmatdaşlaryň ýakyndan ýardam bermeginde, şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçen Türkmen-Hytaý işewürler forumynyň we serginiň netijeleri barada maglumaty gyzyklanma bildirýän beýleki hytaý kompaniýalaryna, işewürlerine we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýetirmek maksady bilen tanyşdyryş forumy geçirildi.

Geçirilen forumyň işine Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň diplomatlary, HKDÝÖA, “Hytaý-Türkmenistan medeniýet merkezi” kompaniýanyň ýolbaşçylary we wekilleri şeýle türkmen we hytaý hususy kärhanalarynyň, jemi 200-dan gowrak  wekilleri gatnaşdylar.

Dabarany giriş sözi bilen Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi açdy.

Ilçi çykyşynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda giňden bellenilýän ýylynda türkmen-hytaý strategiki gatnaşyklary hemmetaraplaýyn has-da berkitmeklige gönükdirilen syýasy we ykdysady ähmiýetli wakalar bilen utgaşykly başlandygy barada aýtdy.

Şunda diplomat ikitaraplaýyn birek-birege bolan ýokary derejedäki saparlar barada aýdyp, şu ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary we onuň yzysüre amala aşyrylan HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýanyň saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berendigi barada belledi.

Çykyşynyň ahyrynda ilçi myhmanlary 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýyly           hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Mundan başga-da forumda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demonstrasiýa Sebitiniň Dolandyryş Komitetiniň başlygynyň orunbasary we Jiaoçžou şäheriniň häkimi Zhou Lin, Hytaýyň kärhanalaryny daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Jiang Yun, “Hytaý–Türkmenistan Medeniýet Merkezi” kompaniýanyň direktory Li Zan dagylar çykyş etdiler.

 Olar öz çykyşlarynda Aşgabat şäherinde geçen Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we serginiň, onuň çäklerinde mowzuklaýyn mejlisleriň we işewürlik duşuşyklaryň netijeleri, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hem-de hytaý wekiliýetiniň agzalarynyň oňyn tejribeleri barada aýtdylar.

Forumyň we serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy, oňa Hökümet ýolbaşçylarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaçylarydyr wekilleriň gatnaşandyklary barada buýsanç bilen aýdyldy.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, maýa goýum taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini döretmegi dowam etdirmek maksady bilen Türkmen-hytaý işewürler forumyny we sergini her ýylda geçirmäge uly gyzyklanma bildirildi.  

Şeýle giň göwrümde geçen tanyşdyryş forumyň çäklerinde türkmen milli şaý-sepleriniň, lybaslarynyň, türkmen halysynyň hem-de ýurdumyzyň ösüşine bagyşlanyp taýýarlanan wideorolikleriň, suratlaryň şeýle hem türkmen telekeçileriniň öndürýän milli önümleriniň sergisi gurnaldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara hödür edilen türkmen milli aşhanasynyň datly tagamlary oňa gatnaşyjylarda aýratyn täsir we gyzyklanma döretdi.