Pekinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pekiniň “Marriott” myhmanhanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Halkara bölüminiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim we Medeniýet we syýahatçylyk ministrlikleriniň, ŞHG-iň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça Hytaý komitetiniň, şeýle hem dürli jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriň wekilleri gatnaşdy. Çärede Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem abraýly hytaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Durdyýew giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň we dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady.

Maslahatda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Ýu Çunli, professor Dai Guýju, Hytaýyň daşary ýurtlardaky kärhanalarynyň ösüşi boýunça Assosiasiýasynyň (CODA) prezidenti He Çženwei, Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofeng, Türkmenistan-Hytaý medeniýet merkeziniň başlygy Li Zan we Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynyň metbugat attaşesi Akja Agamyradowa çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda öňe sürlen halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem oňyn bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, gepleşikleri ösdürmäge we sebitleýin hem-de ählumumy durnukly ösüşe ýardam berýändigi nygtaldy.

Maslahatda BMG-niň üç Kararnamasy bilen ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýurduň garaşsyz daşary syýasatynyň binýady bolup durýandygy we ählumumy durnuklylyga hem-de özara düşünişmäge ymtylmagynyň nyşany bolup galýandygy ýene bir gezek tassyklandy.

Maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri bilen hem tanyşdyryldy.

2025-nji ýylyň iki möhüm senäniň — Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilmeginiň aýratyn simwolik ähmiýeti bellenildi.

Maslahatyň dowamynda çärä gatnaşanlara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara forum barada hem maglumat berildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri bilen hem tanyşdylar.

Çäräniň çäklerinde uly surat sergisi, maddy medeni mirasyna degişli gymmatlyklar görkezilen sergi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky üstünliklerine bagyşlanan wideoýazgynyň görkezilişi guraldy.