SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini gatnaşýarlar. Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy ş...
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde geçirilen 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi. W.Hajiýew öz çykyşynyň başynda Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan dünýä ýurtlarynyň halklaryna mähirli salamyny, şeýle-de parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hemişelik wekil BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sess...
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet...
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şä...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly goňşy ýurduň Baştutany pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. RF-niň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin gutlady
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Geçen ýyl Siziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Týanszin sammitine hem-de ikinji jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda Pekinde geçiren duşuşygymyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda däp bol...