SOŇKY HABARLAR
Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi
Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň hormatly agzasy Doktor Tamash Aýanyň gutlag hatynda şeýle diýilýär: Agyr atletika boýunça 2017-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň ajaýyp guralandygy hem-de Aşgabat şäherinde görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Men Türkmenistanyň paýtagtynyň gözelligine hem-de Aşgabat şäheriniň Olimpiýa toplumynyň ajaýyplygyna diýseň guwandym. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oý...
Bakuda geçirilýän Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen agyr atletikaçyary altyn we kümüş medala eýe boldular
63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Polina Gurýewa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Biziň türgen gyzymyz agramlygy çekip galdyrmakda agramy 88 kilogram bolan ştangany, itip galdyrmakda bolsa 105 kilogram agramlykdaky ştangany galdyrmagyň hötdesinden gelip, bäsleşigiň iki görnüşinde 193 kilogram toplady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdiniň artykmaçlygy jedelsiz boldy: onuň ýakyn bäsdeşi ýeňijiden alty kilogram yza galdy. Kümüş m...
Maslahata gatnaşyjylar halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň resminamasy hökmünde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda 7-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata BMG-nyň wekilleri, “Aziada-2017-ä” taýýarlyk görmek boýunça işlere gatnaşýan halkara...
Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Baku şäherine geldiler
Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna geldiler. Ýaryşlar bu ýerde 12-22-nji maý aralygynda geçiriler. Dünýäniň 57 ýurdundan, şol sanda Müsürden, Indoneziýadan, Bangladeşden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gambiýadan, Ýemenden gelen türgenleriň 3 müňden gowragy sportuň 20 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşer. Ýaryşlar Birinji Ýewropa oýunlary—2015 üçin ýörite gurlan häzirkizaman sport desgalarynda geçiriler. Ýurdumyzyň türgenle...
Türkmen diplomatlary Pekinde geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijileri boldular
Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we bu ýerde işleýän halkara guramalaryň diplomatik işgärleriniň arasynda futbol boýunça 21-nji turnir geçirildi. Onda Türkmenistanyň ilçihanasynyň topary ýeňiji boldy. Jemleýji bäsleşikde biziň watandaşlarymyz Pussiýa Federasiýasynyň diplomatik işgärlerinden örän uly artykmaçlyk — 5:1 hasabynda üstün çykdylar. Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we Bedenterbiýe we sport işleri baradaky baş müdirligiň gura...
Awazada ulag we logistika boýunça Halkara maslahaty öz işine başlady
Maslahatyň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, Ýewropa, Aziýa we Amerika ýurtlarynyň onlarçasyndan maýadarlar, halkara guramalarynyň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we beýleki kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Wekilçilikli forum geçen ýyl Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň dowamy bolup durýar we onda beýan edilen başlangyçlary i...
Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti türkmen guramaçylaryna ýokary baha berdi
Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Ýusif Al Mana ulularyň arasynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatyny gurnan guramaçylara ýokary baha berdi. Bu çempionat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk döwründe synag ýaryşy hökmünde geçirildi. Ulularyň arasynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty Aşgabat şäherinde “Inspiring Ashgabat” atly synag ýaryşlarynyň çäginde 23-29-njy aprel aralygynda geçirildi. Federasiýanyň ýolbaşçysyny ulularyň...