SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigini abadanlaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek esasy stadionynyň abadanlaşdyrylyşy, beýleki guramaçylyk işlerine taýýarlygyň meseleleri, sentýabr aýynda geçiriljek sport baýramçylygynyň wezipeleri bilen tanyşdy. Aziada-2017-ni geçirmek Merkezi Aziýa sebitinde Aziýa oýunlaryny kabul etmek hukugyna eýe bolan paýtagtymyz üçin uly hormatdyr. Bu şanly wakanyň üstünlikli g...
Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç: Hazar gazyny Ýewropa bazaryna çekmek anyk häsiýete eýe bolýar
Paýtagtymyzda öz işine başlan “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Halkara Energetika Hartiýasynyň forumyna gatnaşyjylary Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Çefçowiç wideoşekil arkaly mübärekledi. ÝK-nyň wise-prezidenti ýakyn ýyllarda Hazar sebitiniň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň giň ugurlar, şol sanda energetika boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdigine pugta ynam bildirdi. Türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryn...
Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy açyldy
Türkmen paýtagtynda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly iki günlük Aşgabat forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän duşuşyga degişli döwlet düzümleriniň, abraýly halkara guramalaryň, senagat ulgamynyň, ylmy edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar. Söwda-senagat edarasynyň kiçi zalynda ýygnananlaryň arasynda...
В Пекине с успехом прошёл концерт популярных артистов туркменской эстрады
Мероприятие, посвященное 25-летию дипломатических отношений между Туркменистаном и Китайской Народной Республикой, организовано Посольством нашей страны при поддержке Министерств культуры Туркменистана и Китая, а также Китайского нефтяного университета (Пекин). В концертном зале ведущего вуза китайской столицы, рассчитанном на 700 мест, собрались главы и сотрудники дипломатических ведомств, аккредитованных в КНР, представители крупных китайских корпораций и члены их семей, научной и творческо...
Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy
Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherindäki Nebitçilik uniwersitetiniň binýadynda “Türkmenistan” Merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Şensi welaýatynyň hökümetiniň we Siýan şäheriniň wekilleri, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde “Türkmenistan” Merkezi ähli zerur maglumat serişdeleri, audio we wideo maglumatlary bilen doly üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde...
Türkmenistanda ählumumy energetika howpsuzlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC - 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan halkara sergisi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we Söwda-senagat edarasy gurady. Şu ýylky TGC - 2017 forumy hem bu giň möçberli çäräniň ýokary derejä eýedigini tassyklaýar. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň 36 ýurdundan Awstriýadan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belgiýadan, Beýik...
Türkmen göreşi sportuň olimpiýa görnüşi derejesine dalaş edýär
18 — 21-nji maýda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde türkmen göreşi boýunça Afrikanyň ilkinji çempionaty geçirildi, şeýle hem Afrika yklymynyň Göreş federasiýasy döredildi. Çempionata 10-dan gowrak ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar erkekler üçin üç agram derejesinde, zenanlar üçin üç agram derejesinde guraldy. Bäsleşiklere Türkmenistanyň Guşakly göreş milli federasiýasynyň wekilleri eminlik etdiler. Türkmen göreşiniň dünýäde giňden ýaýrap başlamagy hormatly Prezidentimiz...