SOŇKY HABARLAR
Ildeşlerimiz haj parzyny berjaý etdiler
Gurban baýramy günlerinde asylly dessury ýerine ýetirmek maksady bilen, Mekgä hem-de Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler. Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ildeşlerimiziň 160 sanysy Saud Arabystany Patyşalygynda dünýäniň ähli künjeklerinden keramatly Käbä sežde etmäge gelen millionlarça zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen "Türkmenh...
Türkmenistanyň paýtagty „Aşgabat 2017“ Oýunlaryny toý lybasyna beslenip garşy alýar
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty, söýgügüniň, ylhamyň we ýaşlygyň şäheri Aşgabat giň köçeleri bilen bize gujak açýar, saýaly baglarydyr seýilgähleri bilen bagryna basýar, şadyýan gün öz mähri bilen gallap alýar. Müdimi ýaş güneşli Aşgabat gözel binalarynyň ajap sazlaşygy bilen günsaýyn ösýär, özgerýär. Köçeleridir şaýollary giň, bagy-bosn, täzeden- täze meýdançaly, çüwdürimli-seýilgäh toplumly, kaşaň desgaly ak mermere bürenen şäherimiz Gündogaryň merjenidir. Onuň başy belent binala...
Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň iş öndürijiligi artýar
Daşoguz welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalary täze haşyly gaýtadan işlemäge girişdiler. Ýörüteleşdirilen kärhanalarda ýygym mwsümi başlamazdan öň taýýarlyk işleri geçirildi, önümçilik sehleri we enjamlar abatlanyldy. Sebitde ýetişdirilen pagta şu ýerde hem gaýtadan işleniler. Has iri önümçilikler Görogly we Könürgenç etraplarynda ýerleşýär, ol ýerde birnäçe ýyl mundan ozal kuwwatlylygy ýylda 40 müň tonna önüm bolan ýörüteleşdirilen täze döwrebap kärhana işe girizildi. Şu möwsümde Akdepe...
Türkmenistanyň demir ýol ulagy paýdarlar jemgyýetine öwürler
Demir ýol ulaglary ministrligi pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmäge taýýarlanýar. Hökümetiň mejlisinde ulag we aragatnaşyk boýunça wise-premýer B.Annameredowyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ministrliginiň garamagyndaky birnäçe kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Hormatly Pr...
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlanýar
8-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we...
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy öz toparynda ikinji orny eýeledi
Ýurdumyzyň milli ýygyndy topary Aziýanyň Kubogy ugrundaky saýlama oýunlarynyň final böleginiň üçünji tapgyrynda Singapuryň topary bilen duşuşyp, oýny deňme-deň tamamlady. Munuň özi türkmen futbolçylaryna “E” toparda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi, bu toparda 2019-njy ýylyň tomsunda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek iri ýaryşlara gatnaşmak üçin iki ýollanma ugrunda bäsleşilýär. Duşuşyk Singapuryň “Besar Stadiun” stadionynda geçirilip, çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Hasap oýnuň...
Sebitleriň telekommunikasiýa infrastrukturasy giňeldilýär
Gubadag etrabynyň obalarynyň birnäçesiniň ilaty döwrebap we ýokary hilli telefon aragtnaşygy bilen üpjün edildi. „Daşoguztelekom“ kärhanasynyň hünärmenleri optika-süýümli kabeliň birnäçe kilometrini geçirdiler we dürli belgi sygymly sanly awtomatik telefon bekedini oturtdylar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň ählisinde müşderiler ulgamyny giňeltmek, telefon aragatnaşygnyň we internet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Şu güne çenli demirgazyk sebitde optika-s...