SOŇKY HABARLAR
Bosgunlar topary Aşgabat 2017-ä minnetdarlyk bildirýärler. Indiki maksat, Tokio 2020-niň medallary
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan bosgunlar toparynyň agzalary dünýä derejesinde geçiriljek geljekki ýaryşlarda hem bosgunlara gatnaşmaga mümkinçilik döredilmegine uly umyt bildirýärler. Bäş sany türgen: Paulo Amotun Lokoro, Wiýual Puok Deng, Gaý Nýang Tap, Ukuk Utloo Bul we Ýieh Pur Biel dagylar Keniýanyň Naýrobi şäherinde “Tegla Lorupe” Parahatçylyk guramasy tarapyndan guralan synag oýunlaryndan soň Aşgabat 2017-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar. Erkekleri...
Basketbolçy Paşkow öz oýnaýan türkmen toparyny ýeňşe ruhlandyrýar
Türkmenistanyň 3x3 basketbol toparynyň oýunçysy Aleksandr Paşkow B toparyň final ýaryşynda Yragyň ýygyndy topary bilen duşuşjak ýygyndysyny ýeňşe höweslendirýär. Iki tarap 22-nji sentýabrda, anna güni 3x3 basketbol arenasynda duşuşarlar. Geçen oýunda ussat basketbolçynyň topary Liwanyň ýygyndysyndan ýeňlipdi. Paşkow bu ýeňlişi özlerine sapak edinendiklerini, şeýdibem soňky oýunda Täjigistanyň ýygyndysyndan üstün çykandyklaryny we indiki oýunda-da ýeňiş gazanmak üçin öz ussatlyklaryny görkezm...
Filippinli garyşyk söweş sungatynyň türgeni guşakly göreş boýunça kämilleşmek isleýär
Durmuş her kim üçin bir ýerden başlanýar, emma Kristof Hofman üçin ähli zat telewizoryň başynda başlady. Filippinli türgen Kristof Hofman Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçirilýän guşakly göreşe gatnaşýar, emma ol öz dogduk mekanynda garyşyk söweş sungatynyň göreşçisi hasaplanýar. Kristof 2 aý mundan ozal guşakly göreş sporty bilen meşgullanyp başlady. Ol wideo rolikler arkaly ýaryşlary görüp, dzýudo guşagyny ulanyp, düşekçede alnyp barylýan hereketleri g...
Aziadanyň uly möçberli açylyş dabarasynyň bir parçasy Parfiýa Nusaýyna bagyşlandy
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy hakydamyzda uzak wagt saklanar. Ol üç ýarym sagada golaý dowam edip, jadyly pursatlar deýin geçip gitdi. Döwlet Baştutanlary, resmi wekiliýetleriň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri—hemmeler müňlerçe adamlaryň gatnaşmagynda döredilen ajaýyp şüweleňe haýran galdylar. Aşgabadyň 45 müň adamlyk Olimpiýa stadionyna gelen tomaşaçylaryň öňünde türkmeniň taryhyn...
Türkmenistanyň ýygyndysy oýunlaryň umumytoparlaýyn hasabynda ynamly öňde barýar
Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda bäsleşmegini dowam edýär. Şu gün hem biziň türgenlerimiziň şowly çykyşlary we nobatdaky medallary bilen guwandyrdy. Guşakly göreş, taýboksy, bilýard, ýeňil atletika, kuraş göreşi boýunça ýaryşlardaky çykyşlar biziň türgenlerimize hormat münberine çykmaga ýardam etdi. Ýaryşlaryň bäşinji güni “Aşgabat 2017” oýunlary ýygyndy toparymyzyň medallarynyň üsti 38 medallar, şol sanda 10 sany altyn m...
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Wahdat Sultan-zade sport baýramyndan galan täsirler barada gürrüň berýär
„Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyrylan myhmanlaryň arasynda öz wekilçilik eden döwletleri bilen Türkmenistanyň arasynda ynanşykly gatnaşyklary ýola goýmaga we köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşan daşary ýurtly diplomatlar-da bar. Olaryň biri-de Azerbaýjan Respublikasiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wahdat Sultan-zadedir, ol biziň ýurdumyzda 2006-njy ýyldan başlap işläp ugrady, ilki geňeşçi, 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli azerbaýjan diplomatik wekil...
Pygy Baýramdurdyýew: Oýunlar ýurdumyzyň beýik gazananlaryny alamatlandyrýar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak ynanylan , Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew interwýu berdi: - Türkmenleriň taryhy ahalteke bedewi bilen aýrylmaz baglydyr.Türkmenler: “Atym – ganatym” diýýär. Bedew – türkmenleriň ganaty, taryhyň barşyna okgunlylyk beren gymmatlygy.Hut şoňa görä-de, Aşgabat Aziadasynyň açylyş dabarasy we tutuşlygyna onuň hemme çäreleri bedew bilen bagla...