SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz ýaýlasynyň aý öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we ählihalk ýowaryna badalga berdi
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi. Ýoluň ugrunda dikilen köpsanly ak öýleriň ýanynda oba durmuşyna degişli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” golaýy...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy
6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şu gün bu ýere ir säher bilen ýürek emri bilen a...
Türkmen wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşdy
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...
„Galkynyş“ gaz ýatagynda bir gije-gündizde 2 million kubmetr gaz çykarýan skwažina işe girizildi
„Türkmengaz“ Döwlet konserniniň „Türkmengazinžiniriň we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri „Galkynyş“ gaz ýatagynda gije-gnüdiziň dowamynda 2 million tebigy gaz çykarýan 280-nji skwažinany ulanmaga berdiler. Gaz çykarylyşda ilkinji gezek tehnologik enjamlary „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünäermenleri daşry ýurt kompaniýalaryny çekmezden öz güýçleri blen ýerine ýetirdiler. „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünärmenleri „Petrofak“ (BAE) kompaniýasynyň enjamlaryny, çyzgylaryny we tehnologik k...
2018-nji ýylda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana işe giriziler
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň 32-nji kilometrinde iri gazhimiýasy önümçiginiň- tebigy gazdan benzin almak boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Iş tabşyryjy „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, şu özboluşly ýokary tehnogiýaly kärhanada dünýäde ilkinji gezek uly möçberde tebigy gazdan suwuk ýangyç- benzin alnar. Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tehnologiýasyna esaslanýan «GTG – Gas to gasoline» taslamasy ýylda 1 milliard 785 million kubmetr tebigy gaz gaýtadan i...
Türkmenistan we Russiýa ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary giňledýärler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gol çekilen ynsanperwer ugurda - bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly bukjasynyň ýokary derejede gol çekilen resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň (Sankt-Peterburg ş.) arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakyn...
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler boldy
Şu günüň ikinji ýarymynda türkmen paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Ýola goýlan asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz Russiýanyň Baştutanyna duz-çörek hödür etdiler hem-de g...