SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny—stats-sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary—stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-iň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny ýetirdi, olar tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şunda Russiýa tarapynyň ähli ugurlar boýunça däbe öw...
Türkmenistanda halkara maslahaty
Paýtagtymyzda “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilýän maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Maslahatda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan b...
Türkmenistanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sooronbaý Şaripowiç Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiz gutlag hatynda Türkmenistanda Gyrgyz Respublikasy bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitlilik, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, doganlyk ýurtlaryň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ý...
Джек Никлаус подтвердил готовность и впредь оказывать поддержку развитию гольфа в Туркменистане
Президент Гурбангулы Бердымухамедов принял генерального директора группы компаний «Никлаус» Джека Никлауса, который поздравил главу государства с открытием столичного Гольф-клуба, создание которого призвано способствовать развитию в Туркменистане такого популярного во всём мире вида спорта, как гольф. Джек Никлаус подтвердил неизменную заинтересованность возглавляемой им группы компаний и в целом бизнес-кругов США в укреплении взаимовыгодных деловых связей с нашей страной, где реализуются кр...
Aşgabadyň golf-kluby –iň gowy daşary ýurt tejribesi esasynda işlenip taýýarlanylan täsin taslama
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy. Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanymyz top boýunça ilkinji urgyny edip, Aşgabadyň golf toplumynyň işlemäge başlandygyny alamatlandyrdy. Aşgabadyň golf-meýdançasyny döretmek üçin tebigy aýratynlyklary bolan künjek seçilip alyndy. Onuň tebigy görnüşine binagärler özboluşly çeper görnüşi goşup, meýdançanyň has amatly bolmagyny we ruhuň göteriji häsiýetini şertlendiripdirler....
Oýunlar durmuşyň we taryhyň sapaklary ýaly ýa-da sportuň häzirki görnüşleriniň gadymy kökleri barada
Türkmen halky özüniň bäşmüňýyllyk taryhynyň dowamynda ýetmiş döwlet, şol sanda iri imperiýalary döretdi. Olar dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda uly yz galdyrdy. Ata-babalarymyz parahatçylyk söýüjilik we özboluşlylyk ýaly milli häsiýetleriniň bolandygyna garamazdan, ene topragymyzy we eziz Watanymyzyň garaşsyzlygyny goramak üçin köp uruşlary başdan geçirmeli boldular. Türkmeniň ýeňil bolmadyk tebigy-howa şertlerinde ýaşan ata-babalaryna bolsa has irki taryhy döwürlerde daşky gurşaw, haýwanat...
Walentina Matwiýenko: Türkmenistan Aziýanyň sport hereketiniň umumy ykrar edilen merkezleriniň birine öwrülýär
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 2017-nji ýylyň 16-18-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Geňeşiniň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň barşynda Siz bilen duşuşmaga hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi kabul ediň. Güneşli Türkmenistanda mähirli kabul ed...