SOŇKY HABARLAR
Gülbadam Babamuratowa – sambo boýunça 52 kg çenli agramda dünýä çempiony
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigindäki “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde tamamlanan sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türkmen samboçysy Gülbadam Babamuratowany sylaglamak dabarasy geçirildi. 26 ýaşly at gazanan sport ussady ajaýyp ýeňşini 52 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Dünýä derejesinde ajaýyp netijeleri görkezen türgen gyzymyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly so...
Milli Liderimiz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Soňky ýyllarda ahalteke atçylyk toplumynyň çäkleri bagy-bossanlyga öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça uly möçberli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde ýaprakly, iňňe ýaprakly, miweli baglar we beýleki görnüşli baglar oturdylýar, Aşgabadyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda bag-seýilgäh zolaklary döredilýär. Emele getirilýän bagy-bossanlyklar, munuň özi ekologi...
HHR-da bilim alýan türkmen talyplary “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap bilen tanyşarlar
Pekiniň nebit we gaz uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy. Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan Pekiniň nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň Geňeşi bilen bilelikde guralan çärä hünär derejesini ýo...
RECCA VII: owgan meselesiniň çözülmegine ylalaşykly çemeleşmeleriň işlenilip düzülmegi
Şu gün paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň iş toparlarynyň duşuşygy boldy. Maslahatyň işçi toparlarynyň gepleşikleriniň çäklerinde ertir Aşgabat forumynyň ministrler derejesindäki mejlisi bolar. Ol owgan meselesiniň oňyn çözgüdine özara ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, Owganystanyň galkynmagyna we parahatçylykly ösüşine hem-de sebit we sebitara möçberindäki ykdysady ýagdaýlara goşulyşmagyna goldaw bermek boýunça umumy tagallalaryň mundan beý...
Türkmenistanyň ýygyndysy futbol boýunça Aziýa Kubogy-2019-yň final tapgyryna çykdy
14-nji noýabrda Balkanabatda Türkmenistanyň we Hytaý Taýpeýiniň ýygyndylarynyň arasynda gepçirilen bäsleşik Aziýa yklymynyň kubogy ugrunda futbol ýaryşlaryna gatnaşjak 24 toparyň ýene-de birini aýan etdi. Ol – Türkmenistanyň ýygyndy topary. Aziýanyň Kubogy-2019-yň final tapgyryna çykmak ugrundaky iň soňky tapgyryň öňüsyrasynda BAE-de geçirilen bäsleşiklerde ýurdumyzyň ýygyndy topary Bahreýniň topary bilen birinji – ikinji orny paýlaşdy we şu günki bäsdeşlerden bir utuk artykmaçlyk gazandy. A...
Press-reliz
Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen Merkezi Aziýanyň sebitleýinguramalarynyň altynjy duşuşygy. Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2013-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň şahamç...
Press-reliz
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişme memorandumyna gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekillik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle hem Ar...