SOŇKY HABARLAR
Türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde nobatdaky medallary
Kuraş boýunça Stambulda geçirilen dünýä çempionatynyň soňky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de iki medal eýeledi. Adatça, birinjiligiň ahyrynda agyr we has agyr agram derejede medallar üçin bäsleşildi. Biziň türgenlerimiz ýaryşlarda baýrakly oýunlary eýelänleriň hataryna goşuldylar. 81 kilogram agram derejede çykyş eden Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Daýanç Ömürow ikinji orna mynasyp boldy. Şeýle hem şol institutyň talyby Hudaýberdi Jumaew 100 ki...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar
Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi. Wise-premýeriň sözlerine görä, maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şol sammiti 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär. ...
Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi
Şu gün paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini dowam etdi, ol Türkmenistanyň bu halkara guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, foruma dünýäniň 52 döwletiniň--Awstriýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Bangladeşiň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Gwatemalynyň, Eýranyň, Ispaniýanyň, Iordaniýanyň, Ýemeniň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Nider...
Türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu waka Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Iki ýurduň demir ýoluň edaralary geçen hepde Aşgabatda bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň...
Seulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy
Çäräni Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Sejon Uniwersiteti bilen bilelikde gurnady. Oňa uniwersitetiň mugallymlarydyr professorlary, talyplary we uçurymlary, Koreýa—Merkezi Aziýa Assosiasiýasynyň başlygy, Seulda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyşyň barşynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady, diplomatik, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň orny we türkmen ha...
В Пекине состоялся брифинг, посвященный Международному дню нейтралитета
Сегодня, 28 ноября в Посольстве Туркменистана в КНР состоялся брифинг, посвященный Международному дню нейтралитета. На мероприятии приняли участие представители научно-экспертных, деловых и общественных кругов и СМИ Китая, сотрудники дипломатических миссий иностранных государств, аккредитованных в Пекине, а также туркменские студенты, обучающихся в вузах китайской столицы. Открывая брифинг, посол Туркменистана в Китае Ч. Рустамова проинформировала участников о значении и роли нейтрального...
Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 82,5 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Pakistandan, Belarusd...