SOŇKY HABARLAR
Täze, 2018-nji ýyly belent sepgitlere ýetmek arzuwlary bilen garşylaýarys!
Türkmenistanlylar Täze, 2018-nji ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Biz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan hem-de ýatdan çykmajak köp sanly täsirler, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçmegi mynasybetli ýakymly wakalar bilen aňymyzda galan 2017-nji ýyly uly abraý bilen tamamladyk. Ministrler Kabinetiniň 29-njy dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbang...
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl mynasybetli haýyr-sahawat çäresini geçirdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi köp çagaly enelere, dürli ýaşdaky maýyp adamlara, ýetim çagalara, gartaşan adamlar üçin öýlerde ýaşaýan ýaşuly adamlara, şeýle hem 80 ýaşdan ýokary bolan pensionerlere baýramcylyk sowgatlaryny gowşurdy. Meýletinçiler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen edaralara we öýlere baryp, jemi bahasy 800 müň man...
Birža söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 8 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, portlandsement, pagta süýümi, nah matalar ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Owganystan. Geleş...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap we hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň Liderleri türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler babatda maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň we Kataryň...
Türkmen howa ýollary Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt ugry boýunça gatnawy açdy
Şu gün ir bilen Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt — Ýerewan — Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyran “Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa kärhanasynyň “Boing-737-800” uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawy...
Saýlawlara taýýarlanmagyň barşynda saýlaw toparlary döredilip başlandy
Şu günler ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, okrug we Geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan okrug we Geňeşlik saýlaw toparlar...
Aşgabatda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny ösdürmek meselelerine bagylanan maslahat geçirildi
Adalat köşgünde “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli guraldy. Maslahata daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutl...