SOŇKY HABARLAR
Merkezi saýlaw toparynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de onuň edarasy saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen bolan duşuşygyň barşynda öňde boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyld...
«Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatçylar, döredijilik intelligensiýasynyň, sport ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş her...
Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi
Şu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy. Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy. Yzygiderli ýagan ýagyşdan soňra sahawatly Günüň nury tyllaýy öwüşginleri bilen Garagum sährasyna gaýtalanmajak gözellik çaýdy. Sazak-selinler, çäge alaňla...
Подведены итоги национального конкурса «Женщина года»
Конкурс организован Союзом женщин и нацелен на повышение социального статуса представительниц прекрасной половины туркменского общества, повышение их личностного потенциала и профессиональный рост. Традиционный смотр, проводимый в преддверии Международного женского дня, определяет наших лучших соотечественниц в семи номинациях: «За высокие профессиональные способности», «За сохранение искусства национального художественного рукоделия», «За распространение духовных ценностей и национального к...
Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri üç...
TNGIZT-niň önümleri, nah ýüplügi, pagta süýümleri, aýna önümleri birža söwdalarynyň esasy harydy boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere aýna, nah ýüplük, egirme...
Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda 4 medala eýe boldular
Ýurdumyzyň türgenleri jiu-jitsunyň ne-waza görnüşi boýunça Abu-Dabide (BAE) geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medala eýe boldular. 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda 49 kilogram agram derejesinde iki medaly ýygyndy toparymyzyň ussatlary Saýara Awezmetowa we Gülbahar Madreýimowa gazandylar. Ýaryşyň deslapky tapgyrlaryndan soňra ýarym finalda olar özara duşuşdylar, şunda Saýara üstün çykdy. Ol finalda wýetnamly bäsdeşini ynamly ýeňip, öz agram dere...