SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Russiýanyň Liderleri täze ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly döwletleriň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen strategiki häsiýetini, şeýle hem ösüşe we rowaçlyga bolan ikita...
Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ymtylýandyklaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler hem-de olary giňeltmäge taýýardyklanyny tassykladylar. Syýasy ulgamda döwletar...
Mohammad Aşraf Gani TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygynyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň baştutanlary mähirli salamlaşyp, türkmen we owgan halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara...
Birža söwdalarynda nebit önümlerine, karbamide we dokma önümlerine esasy üns berildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen mazudy, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa karbamid ( “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah mata we ýüplük satyldy. S...
BMG-nyň Baş Assambleýasy “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak” Rezolýusiýasyny kabul etdi
BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul eden (Ikinji komitetiň (A/72/420) nutugy boýunça) Rezolýusiýasy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak BMG-niň Baş Assambleýasy daşky gurşaw we ösüş baradaky Rio-de-Žaneýro jarnamasyna, XXI asyryň Gün tertibine, XXI asyrda Gün tertibini mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň maksatnamasyna, durnukly ösüş boýunça Ýohannesburg jarnamasyna, durnuk...
„Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetinde täze tehnologiýalar özleşdirilýär
Ägirt uly „Galkynyş“ ýatagynda burawlanan ýokary debitli skwažinalaryň bäşisinden Täze ýyla çenli bir gije-gündizde on million kub metre golaý tebigy gaz alnar. „Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri eýýäm skwažinalaryň birini işe girizdiler we dördüsini işe taýýarladylar. Konserniň hünärmenleri tehnologik enjamlary oturtdylar we skwažinalaryň agzyna turba daňdylar, olary gaz geçiriş ulgamyna birikdirdiler. „Türkmengaz“ DK-nyň hünärmenleri burawlanan skw...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl arçasynyň dabaralaryna gatnaşyp, çagalar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiz ilki bilen paýtagtymyzdaky täsin sport toplumyna tarap ugrady, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi...