SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini HHR-yň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Si Szinpini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. “Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy däp bolşy ýaly deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hyt...
Türkmen Lideri Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we bu wezipä gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz hatynda Russiýanyň halkynyň saýlawy Wladimir Putiniň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar diýip belledi. ...
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna we ähli telekeçilerine
Hormatly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary! Gadyrly türkmen telekeçileri! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün hususyýetçi agzalaryň ýigrimi müňe golaýyny birleşdirýän, telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Bu şanly sene myna...
Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndy topary Feliks Ştamm adyndaky ýaryşda üçünji orny eýeledi
Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde mart aýynyň 12-sinden 16-sy aralygynda Feliks Ştamm adyndaky boks boýunça XXXV halkara ýaryşy geçirildi, oňa 20 ýurtdan, şol sanda türkmenistanly türgenler gatnaşdylar. Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýygyndy toparymyz umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi. Fewral aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda şu bäsleşiklere gatnaşmaga hukuk gazanan iň güýçli boksçylarymyz ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýagyň ýo...
TNGIZT-niň önümleri we dokma önümleri birža söwdalarynda köp isleg bildirilen harytlar boldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 104-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawo...
Реализация нового этапа развития НТЗ «Аваза» доверена бизнес-сообществу страны
На встрече с членами Союза промышленников и предпринимателей, состоявшейся 16 марта, Президент Гурбангулы Бердымухамедов выступил со значимым заявлением – Национальная туристическая зона «Аваза» будет передана в компетенцию Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана. Это, в основе своей принципиальное решение главы государства означает начало самого активного этапа в развитии молодого курорта на туркменском побережье Каспия. Сейчас, когда успешно пройден начальный период становлен...
Maglumat habary
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan Synçylar missiýasy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna monitoring işini dowam edýär. GDA-dan uzak möhletleýin synçylar Türkmenistanyň Mary, Balkan, Ahal welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw okruglaryna baryp gördüler. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary synçylara saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada habar berip, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryna tälim berlişi, şeýle hem saýlawlaryň habar be...