SOŇKY HABARLAR
Туристический потенциал Туркменистана - на COTTM-2018 в Пекине
В Центре мировой торговли в Пекине состоялась Международная выставка выездного туризма и зарубежных путешествий - COTTM-2018, в которой принимали участие около 550 компаний из 70 стран мира. Мероприятие объединило специалистов всех сегментов туристического рынка: руководителей национальных и региональных компаний, туроператоров и турагентов, представителей авиакомпаний, компаний по прокату автомобилей, организаторов круизов, зарубежных путешествий, выездных туров, гостиничного бизнеса, страховщи...
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Georgiý Poltawçenkony kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, ýurdumyza gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny aýtdy. Sankt-Peterburgy Türkmenistan bilen öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar we dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Gubernator iki...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝANYŇ ARASYNDA KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde Tütkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Rus tarapyna Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.S. Iwanow ýolbaşçylyk etdi. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň ko...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA GÜNÜŇ ENERGIÝASY BOÝUNÇA MASLAHATLAŞMALARY GURNAMAKDA ÝAKYNDAN ÝARDAM ETDI
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanda günüň energiýasy boýunça ýol kartasyny işläp düzmeklige bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Maslahata Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, Marynyň Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymlary, şeýle hem beýleki daşky gurş...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTANYŇ SEBITLERINIŇ GÖNI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleriniň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmaklarynda işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi. 2014-nji ýylda iki döwletiň hazarýaka sebitleriniň häkim...
DUŞENBEDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ (YHG) DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 23-NJI GEŇEŞI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda YHG-na gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleri YHG-nyň taslamalarynyň we meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny, YHG-nyň Sekretariatynyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny, Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we şahamça edaral...
YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUMYN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şägerinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň rumyn bölegine Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Oprea baştutanlyk etdi. Mejlisiň başynda taraplar toparyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişin...