img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Mar

AŞGABATDA TÜRKMEN-TÜRK SYÝASY GEŇEŞMELERINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türk tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Ümit Ýardym ýobaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy gatnaşyklaryň ulgamlarynda ýola goýulan gepleşiklerini geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garadylar. Gatnaşyklaryň ösüşiniň gidişi bilen...

DOWAMY
pic
9 Mar

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN MERKEZI AZIÝADA ADAM HUKUKLARYNY GORAMAK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI

2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda  Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi. Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny w...

DOWAMY
pic
9 Mar

TÜRKMENISTAN WE BANGLADEŞ HALK RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKDÄKI MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Bangladeş Halk Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Şähriýar Alam bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerip, taraplar olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlaryň, şeýle hem iki ýurdyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatda...

DOWAMY
pic
9 Mar

Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi

Şu gün paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi.  “Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çäresine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäkleri...

DOWAMY
pic
9 Mar

Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekilleriniň Türkmenistana saparynyň netijeleri jemlenildi

Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýeti 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň we maliýe pudaklarynyň wekilleri hem-de diplomatik jemgyýetçiligi bilen makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek, ykdysady üýtgeşmeleri hem-de ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Aşgabatda iş saparynda boldy.  HPG-niň wekiliý...

DOWAMY
pic
8 Mar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Eziz eneler!  Mähriban gelin-gyzlar!  Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!  «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda Halkara zenanlar gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna, joşgunly çärelere utgaşýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň köpugurly we örän baý mirasy bar. Bu mirasy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmak...

DOWAMY
pic
7 Mar

Ýurdumyzyň toparlary AFK-NYŇ Kubogy ugrundaky ýaryşlara girişdiler

Şu gün “Altyn Asyr” we “Ahal” futbol toparlarymyz Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň “D” toparçasynda ilkinji oýunlary geçirdiler.  Türkmenistanyň häzirki çempiony — Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary Oş şäherinde Gyrgyzystanyň “Alaý” toparynyň garşysyna ilkinji duşuşygy geçirdi. Bu topar hem sportuň şu görnüşinde öz ýurdunyň çempionydyr. Oýun toparlaýyn tapgyryň ilkinji oýunlarynda iň netijelisi boldy.  Biziň futbolçylarymyz duşuşygy ynamly başlap, eýýäm 11-nji minutda 2017-nji ýylda Tü...

DOWAMY