img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Mar

«Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar!  Sizi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy we bu şanly sene mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  Garaşsyz Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we abraýly ornuny eýeleýär. Hemişelik Bitarap döwletimiz giň hyzmatdaşlyg...

DOWAMY
pic
19 Mar

PEKINDE BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI.

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Pekiniň Ulag uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý tegelek stoly geçirildi. Tegelek stol 2018-nji ýylyň “Türmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy, Pekiniň Ulag uniwersiteti we Ýol we köpri gurluşygy boýunça işleýän Hytaý kompaniýasy bu çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdile...

DOWAMY
pic
19 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK BOLDY

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Bižan Namdar Zanganenyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.  Duşuşygyň barşynda taraplar bir-birini ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen mähirli gutladylar. Hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry barada aýdylanda taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ornuny bellediler. Şu jähtden türkmen tarapy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezide...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini HHR-yň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Si Szinpini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.  “Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy däp bolşy ýaly deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hyt...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmen Lideri Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we bu wezipä gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.  Milli Liderimiz hatynda Russiýanyň halkynyň saýlawy Wladimir Putiniň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar diýip belledi. ...

DOWAMY
pic
17 Mar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna we ähli telekeçilerine

Hormatly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary!  Gadyrly türkmen telekeçileri!  Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün hususyýetçi agzalaryň ýigrimi müňe golaýyny birleşdirýän, telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi.  Bu şanly sene myna...

DOWAMY
pic
17 Mar

Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndy topary Feliks Ştamm adyndaky ýaryşda üçünji orny eýeledi

Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde mart aýynyň 12-sinden 16-sy aralygynda Feliks Ştamm adyndaky boks boýunça XXXV halkara ýaryşy geçirildi, oňa 20 ýurtdan, şol sanda türkmenistanly türgenler gatnaşdylar. Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýygyndy toparymyz umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi.  Fewral aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda şu bäsleşiklere gatnaşmaga hukuk gazanan iň güýçli boksçylarymyz ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýagyň ýo...

DOWAMY