img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Awg

“Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisine giňden taýýarlyk görülýär

Awgust aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanyp geçirilen mediaforum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guraljak iri ýaryşlara taýýarlyk görmekde möhüm tapgyr boldy. Geçen ýylda bolşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyza ýene-de köp sanly myhmanlar ýygnanar. Geçen ýyl paýtagtymyzda Aziada — 2017 üstünlikli geçirildi. Bu gezek çäk babatda ýaryşlaryň gerimi has giň bolar. Awtomobil rallisiniň ugry t...

DOWAMY
pic
9 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ BAŞ SEKRETARY ADEM KULA BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda YHG-SSE-ň ýolbaşçysy türkmen tarapyna myhmansöýer garşylamalaryna minnetdarlygyny aýtdy we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatar...

DOWAMY
pic
7 Awg

Bosniýanyň Zenisa şäherinde bolan konsertde Nury Halmämmedowyň “Hüwdi” eseri ýaňlandy

Türki halklaryň Halkara guramasynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan TÝuRKSOÝ Ýaşlar kamera orkestriniň Balkan ýurtlaryndaky çykyşlary Bosniýanyň Zenisa şäherindäki konsert bilen jemlendi. Tomaşaçylar saz agşamyna uly gyzyklanma bildirdiler, oňa Zenisanyň Kamera orkestri-de gatnaşdy. Belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Hüwdi” eseri çykyşlarda ýaňlanan ajaýyp sazlaryň biri boldy, ony Amn Huseýnagiçiň dirižýorlyk etmeginde orkestriň sazandalary ýerine ýetirdiler.  Çykyşlaryň dowamynda Makedoni...

DOWAMY
pic
7 Awg

TÜRKMENISTAN WE YSRAÝYL DÖWLETI AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben-Swi baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy, sebitleýin we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň mesele...

DOWAMY
pic
7 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNESKO-NYŇ KLASTER EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda abraýly halkara guramasynyň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.  Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hak...

DOWAMY
pic
6 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýurtlar boýunça Karz bölüminiň uly geňeşçisi Kenji Hosononyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar  Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan ustünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň gi...

DOWAMY
pic
5 Awg

Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar

Şu gün türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.  Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyzyň 153-si bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym et...

DOWAMY