SOŇKY HABARLAR
Türkmen Lideri ABU-nyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) baş sekretary Jawad Mottagini, ABU-nyň prezidenti, Hindistanyň Doordarşan döwlet teleýaýlymynyň baş direktory hanym Supriýa Sahuny hem-de ABU-nyň wise-prezidenti, Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň prezidenti (NHK) jenap Rioiçi Uedany kabul etdi. Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, dünýäde dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen özün...
AŞGABATDA AZIÝA - ÝUWAŞ UMMAN TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna türkmen tarapyndan hökümet agzalary, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş fakultetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän esasy daşary ýurt habarlar age...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ IRIB TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisine (ABU) gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we ikitaraplaýyn hy...
“Altyn asyr” ilkinji gezek AFK-NYŇ Kubogynyň finalynda oýnar
Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” toparyny geçirilen iki duşuşygyň netijeleri boýunça ýeňip, ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy. Iki hepde mundan ozal Phenýanda geçen ilkinji oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — hasap 1:1 tamamlandy. Ýöne, myhmançylykda geçirilen pökgüleriň sanynyň köp bolmagyn...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda medeni-sport festiwaly açyldy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre sportuň 6 görnüşi — guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, 3x3 basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt boýunça ýaryşlary özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, festiwal Hazaryň kenar ýakasynda şu hepdäniň dowamynda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Russiýa Feder...
Ýol bitumy TNGIZT-yň eksporta iberýän önümleriniň üstüne goşuldy
Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýol bitumy şu ýyldan eksporta ugradylyp başlandy. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen nebti gaýtadan işlemekden alynýan bu önümiň 35 müň tonna golaýy ýerleşdirildi. Asfaltbeton öndürmek üçin çig malyň ýedi müň tonna golaýy demir ýol bilen Özbegistanda işleýän telekeçilik gurluşlaryna ugradyldy. Türkmen bitumyna islegiň artmagy TNGIZT-da täze wakuum enjamyny we beýleki tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna bu baglaşdyryjy...
ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar
Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama guraldy. Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde medeni diplomatiýa uly orun berilýär. “Biz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde medeni mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine, döwletara hem...