SOŇKY HABARLAR
Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar
Aşgabada nemes lukman-professorlarynyň nobatdaky topary geldi. Olaryň ýurdumyza ýygy-ýygydan gelmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen “Senior Experten Service” nemes guramasynyň (“Uly bilerme...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýeňijilerine we gatnaşyjylara baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede ýurdumyzda geçirilen hem-de ägirt uly üstünlige beslenen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan türkmen türgenlerine – baýrakly orunlara mynasyp bolan hem-de ýaryşa gatnaşan türgenlerimize baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy. Şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan geçen bu ägirt uly awtomobil ýaryşy dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan sp...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “КAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik enjamlary boýunça prezidenti Tasua Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy kompaniýanyň ýolbaşçysyna 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berlen karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşandygy üçin öz minnetdarlygyny aýt...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY
2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyj...
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Сorporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mitsubishi Сorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Hiroşi Sakumany hem-de «Mitsubishi Heavy Industries Engineering, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Şigehisa Kobaýaşini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhmanlar duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi karbamid dökünlerini öndürmek boýun...
Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy hem-de önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabeni kabul etdi. Myhman şanly waka — karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça sebitde iri toplumyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we köptaraply işlerinde üstünlikleri, şeýle hem türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Hormatly Prezid...
Türkmen türgeni - erkin göreş boýunça halkara ýaryşyň baýrak eýesi
Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskide tamamlanan erkin göreş boýunça halkara ýaryşda 79 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Döwletmyrat Orazgylyjow kümüş medal gazandy. Ýaryşyň birinji tapgyrynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ilkinji minutda belarusly garşydaşyny pilçesiniň üstüne taşlady hem-de arassa ýeňiş gazandy. Ýarym finalda biziň türgenimiz Russiýanyň pälwany bilen duşuşdy. Bu tutluşygy hem Döwletmyrat ynamly geçirdi. Ol ilkibaşdan ýagdaýlary ele alyp...