SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka öwrülen umumymilli maslahatyň gün tertibine türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, esasy maksady halkymyzyň aba...
WATIKANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Apostol Nunsiaturasynyň (Watikanyň) Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Pol Fitspatrik Rassel bilen duşuşyk geçirildi. Watikan döwleti-şäheri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hakynda gürrüň edip, taraplar duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine oňyn baha berdiler. Ikitaraplaýyn g...
FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) h-m Mariýa Elina Liiwala bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi we syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oň...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDÄKI TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksa...
PRESS-RELIZ
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurduň ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna laýyklykda Türk...
Heavy Caspian: Turkmenistan forumynda gabarasy bellenilen çäkden uly ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar
2018-nji ýylyň 1-3-nji oktýabry aralygynda “Awaza” MSZ-nyň Kongress merkezinde Heavy Caspian: Turkmenistan I halkara maslahaty geçiriler. Forumda Türkmenistana agyr we umumy ulanylýan ýollardan daşap bolmaýan ýükleri daşamagyň hem-de olary oturtmagyň meselelelri, şol sanda Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri, gara ýollar we demir ýol düzümleriniň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar. Makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi, ýangyç-energetika pudagynyň sazlaşykly ösüşi, maliýe bazarynyň dur...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Latwiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, aşa gyzdyrylan nebit koksuny, dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän za...