SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi derejesine eýe boldy
2025-nji ýylyň 26-28-nji iýuny aralygynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Geňeşiniň 145-nji we 146-njy mejlislerine gatnaşdy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleý...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
R.Meredow Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda özara ygrarlylyk beýan edildi....
Türkmenistanyň we Burkina Fasonyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Burkina Fasonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine garadylar. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri bellenil...
Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niger Respublikasynyň Daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangareniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň daşary syýasat edara...
Сообщение для СМИ
Туркменистан, являясь ответственным членом мирового сообщества, осуществляет свою деятельность в международном политическом и экономическом пространстве в соответствии с многосторонними и двусторонними документами, регламентирующими поведение участников международных отношений. В данном контексте следует особо отметить четко выверенный и обоснованный с правовой точки зрения подход туркменской стороны к выполнению ею своих обязательств по заключенным договорам, соглашениям и контрактам с иност...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezident...