img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi.  Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyp, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hem-de ykdysady ösüşiň uly kuwwatynyň ýurdumyza belent halkara abraýyny, ygtybarly, durnukly we jogapkärli...

DOWAMY
pic
16 Okt

“Italiýa. Arheologiýa. Hytaý”: Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişine garaýyş

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan “Italiýa. Arheologiýa. Hytaý” sergisi paýtagtymyzyň medeni durmuşynda şanly waka boldy. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygaryna bagyşlanan sergide suratlaryň reproduksiýalary we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem arheologik artefaktlar goýlupdyr. Serginiň guramaçylary-- Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Italiýanyň we Hytaýyň Ilçihanalary uzynlygy boýunça we siwilizaýiýa babatda gadymy kerwen ýolu...

DOWAMY
pic
15 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.  Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar gadymdan gözbaş alýan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, mazmun taýdan ýylsaýyn baýlaşýar.  Dostlukly, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezide...

DOWAMY
pic
15 Okt

Dusti şäherçesinde ýaşaýan türkmenler ýurdumyzyň döredijilik wekilýetini mähirli kabul etdiler

Türkmenistanyň Täjigistanda geçirilýän Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin gelen ýurdumyzyň wekilýetiniň agzalary Hatlon oblastynyň Jaýhun raýonynyň dolandyryş merkezi bolan Dusti şäherçesine baryp gördüler. Dustide türkmenleriň uly diasporasy ýaşaýar, olaryň wekilleri ýurdumyzyň Täjigistanda geçirilýän Medeniýet günlerine gatnaşýan ildeşlerimiz bilen mähirli salamlaşdylar. Olar türkmen däbine görä, myhmanlary milli sazlardyr we täsirli tanslar, milli tagam -- pişme bilen garşylaylar. Dabar...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgam...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ 139-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 14–15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler Ženewa şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy. 14-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň çäginde Zenan deputatlaryň forumynyň 28-nji mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny goramak hem-de giňeltmek boýunça kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigi, şeýle-d...

DOWAMY
pic
15 Okt

DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrleri, Duşenbe şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şol günüň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň Milli kitaphanasynda...

DOWAMY