SOŇKY HABARLAR
Edermen daýhanlarymyzyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi, bu baýramçylyk däp bolşy ýaly, oba hojalyk ýylynyň, daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däpleri, jebisligi, zähmetsöýerligi, asyllylygy öz beýanyny tapdy. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýyly oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň bereketli saçagyny artdyran ý...
Türkmen žiwopisçileriniň eserlerinde hasyl baýramynyň waspy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli tematiki sergi açyldy, onuň merkezinde Gennadiý Babikowyň türkmen halkynyň zähmetsöýerligini we myhmansöýerligini wasp edýän natýurmorty goýlupdyr. Sahawatly türkmen topragynda Gün yssysy-ýylysy siňen ter miweler – kesilip goýlan gawundyr garpyz, nar, beýi, üzüm nepisden özüne çekiji çekilip, sazlaşykly ýerleşdirilipdir. Saparmämmet Meredowyň “Toprak” atly suraty çuň many-mazmuny bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Goja daýhan janypk...
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň, Hökümetiň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora hem-de dostlukly slowen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ösüş we abadançyly...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamide is...
Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar
Garyşyk göreşler boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary Polşa Respublikasynyň Plosk şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi, Türkmenistanyň türgenleri ýedi medala – iki altyn, dört kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Döwran Ataýew (71 kilogram agramda) we Batyr Baýgeldiýew (61 kilograma çenli agramda) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar. Ýalkym Nuryýew (70 kilo...
Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty — sport we dostluk baýramçylygynyň nusgasy
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji güni. Olimpiýa şäherçesinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýapylyş dabarasy boldy. Şondan soň, erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň arasynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Ýapylyş dabarasynyň öň ýanynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň baýdagyny 2019-njy ýylda dünýä birinjiligini kabul etjek Taýland Patyşalygynyň wekiline gowşurmak dabarasy boldy. Ozal belleýşimiz ýaly, çempionaty guramagyň derejesi boýunça Türkme...
Biziň pälwanlarymyz — sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň eýeleri
Buharest (Rumyniýa) şäherinde geçirilen sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň dördüsi ýurdumyzyň sport gazananlarynyň üstüni ýetirdi. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna iri halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Çarymyrat Annagurbanow çykmagy başardy. 100 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgenleriň on ikisiniň hatarynda biziň...