SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, AÖB-niň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan öz ösüşinde gazanan üstünliklerini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşyň abraýyna eýe boldy...
Türkmenistanyň polat ýollarynyň geçirijilik kuwwaty artýar
Ulag kommunikasiýalarynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm strategik ulgamda ýurdumyzyň amala aşyrýan taslamalary halkara söwda-ykdysady, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Milli ulag strategiýasynyň esasynda Merkezi Aziýanyň çäklerinden ençeme asyrlaryň dowamynda geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky döwlet Baştutanymyz...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türkmen-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler minsitrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan b...
TÜRKMENISTAN WE GERMANIÝA- IKITARAPLAÝYN BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ ÝOLUNDA
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna sapary başlady. Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan gurnalan “Esasy üns Gündogar Ýewropa tarap - işewürler gepleşikde” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahat iri nemes kompaniýalarynyň, banklarynyň hem-de Germaniýanyň söwda edaralarynyň 250-den gowrak töweregi ýolbaşçylaryny...
BRAZILIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) h-m Marsiýa Donner Abreu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bara...
Türkmenistanda ýöriteleşdirilen halkara forum geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady. Bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini goramak, beden taýdan sagdyn hem-de giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli d...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň milli Liderimize aýdan mähirli sözlerini, türkmen halkyna iberen parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy...