SOŇKY HABARLAR
Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudor we şol institutyň prorektory Konstantin Marius Profiroiu bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Rumyn wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şunuň...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ RAÝAT AWIASIÝASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenhowaýollary” Agentliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdirliginiň direktory Bahri Kesiçiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda awiagatnawlar ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlayşyldy. Türkiýe Respublikasynyň Ulag we i...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sö...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasy...
BUHARESTIŇ YKDYSADY BILIMLER UNIWERSITETINIŇ WEKILIÝETINIŇ AŞGABADA SAPARY
2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Buharestiň Ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudoryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda duşuşugy boldy. Duşuşygyň barşynda wekiliýetiň agzalary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Türkmenistanyň halk hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işi bilen tanyş boldular. Soňra taraplar gepleşikleri geçirdiler we olaryň barşynda ylym, bilim...
ÖZBEGISTANYŇ MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI AŞGABATDA
2019-njy ýylyň 24-25-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Döwlet haryt-çig mal biržasynda...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Golf klubuna bardy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubunyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy. Säher bilen döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän sport toplumyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň başlygy, wise-premýerler, Aşgabat şäheriniň häkimi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşyladylar. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçü...