SOŇKY HABARLAR
Королю Бахрейна вручён орден «Bitaraplyk»
По завершении туркмено-бахрейнских переговоров в верхах и подписания двусторонних документов состоялась церемония вручения Королю Хамаду Бин Иса Аль Халифе одной из высших государственных наград Туркменистана – ордена «Bitaraplyk» («Нейтралитет»). Вручая орден, туркменский лидер выразил благодарность Королю за личный вклад в развитие и укрепление братских отношений между странами и подтвердил приверженность Туркменистана поступательному развитию диалога с Королевством Бахрейн.
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasy Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň rektorlygy bilen birlikde tanyşdyryş dabarasyny we baýramçylyk konsertini geçirdi, şeýle hem birinji Hazar Ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA-da, AHHG-da başlyklyk etmegi we Halkara Nowruz güni mynasybetli kabul edişlik hem-de hödür-kerem dabarasyny geçirdi. Tanyşdyryş dabarasynyň açylyşynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçisi çykyş etdi, ol öz çykyşynda halkara işleri...
TÜRKMENISTANDA BENIN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Benin Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) jenap Issiradju Gomina Ibrahimi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistanyň we Benin Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we işjeňleşdirmek boýunça ýadaws...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Şol gün agşam belent mertebeli myhmanyň rezidensiýasynda onuň Bahreýniň işewürleri bilen duşuşugy geçirildi. 2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşa...
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna
Hormatly türkmen telekeçileri! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň on bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNYŇ BOLMAGYNA GARAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Aşgabada döwlet sapary bilen gelýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýnyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda duşuşyk guralar. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň liderleri syýasy, bank we nebitgaz ulgamlarynda, himiýa senagatyny şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň gelj...
TÜRKMENISTAN WE BAHREÝN ÄHLI UGURLAR BOÝUNÇA ÖZARA GATNAŞYKLARY MUNDAN BEÝLÄK HEM GIŇELTMÄGE YGRARLYDYKLARYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gutlag sözlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow we Bahreýn Patyşalygy...