SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy
Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy. Geçenleri ýatlamak türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen we nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes dessurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, bu ýörelgeler mynasyp derejede dowam etdirilýär...
Pudaklaýyn forumlar — 2018: ylym-bilim ulgamy, saglygy goraýyş we sport: innowasiýalar ýolunda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ýakyn we orta möhletli geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, innowasion ulgamy aýratyn belledi. Bu ulgam ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşine kuwwatly itergi bermelidir. Ilkinji nobatda, ylym we bilim, şeýle hem diňe bir tehnologiýalary çekmek babatda däl, eýsem, milli ylym-bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda halkara gatnaşyklar innowasiýalaryň çeşmesi bolup durýar. Bu...
Ýulduz Jumabaýewa — agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň baýragyna eýe boldy
Agyr atletika boýunça Kataryň 5-nji halkara kubogy ugrunda Dohada geçirilýän ýaryşlarda türkmen topary ilkinji medaly gazandy. 49 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa çykyş edip, itekläp götermekde 100 kilogramy galdyrmagy başardy. Bu bolsa agyr atletikaçy türkmen türgenine bürünç medaly getirdi. Jemi göteren agramy boýunça 175 kilogram netije ýaryşda bäşinji görkeziji boldy. Ýaňy-ýakynda, noýabr aýynda agyr atle...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAMBIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň redaktorlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwl...
DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY GEPLEŞIKLER
2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet min...
Balkan welaýatynda şeker öndürýän kärhana gurulýar
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurulýan zawodda ýylda 150 müň tonna şeker çykarylar, onuň gurluşygyny “Hyzmatdaşlar” AGPJ alyp barýar. Onuň potratçysy “Nusaý ýollary” hususy kärhanasydyr. Bahasy 200 million manatdan gowrak taslama “Senagat” PTB-nyň ýeňillikli karzynyň we kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna gurulýar. Paýdarlar indiki ýyl şüýji tagam öndürýän kuwwatlyklary özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. AGPJ-niň baş direktory Hudaýberdi Hangeldiewiň aýtmagyna görä, önümçiligiň göz öňü...