SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan — Eýran: dostluk we bahar baýramçylyk konserti
Gadymy döwürlerden bäri iki doganlyk halky birleşdirýän Howdan — Bajgyran serhetýaka zolagynda Halkara bahar baýramy — Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti hem-de amaly-haşam önümleriniň bilelikdäki sergi-ýarmarkasy boldy. Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabara iki goňşy ýurduň hökümetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, meşhur...
BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARYŇ GOL ÇEKILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Ilçihanalaryň press-attaşeleriniň, halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, BMG-niň Türkmen...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBITLEÝIN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komendanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ulgamynda işleriň gurallaryny kämilleşdirmegiň geljekki ädimlerini we mümkinçiliklerini...
TÜRKMENISTAN HALKARA-HUKUK RESMINAMALARYNYŇ BINÝADYNY KÄMILLEŞDIRÝÄR
Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalaryna gatnaşmak arkaly Türkmenistan bu resminamalaryň kadalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iş ýüzünde degişli hereketleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzü...
«HOWDAN - BAJGYRAN» SEBITINDE HALKARA NOWRUZ GÜNÜNE BAGYŞLANAN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde «Howdan - Bajgyran» sebitiniň golaýynda Halkara Nowruz güni baýramçylygynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasy bilen birlikde guranalan dabaraly çäre geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ahal welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Eýran tarapyndan dabaralara hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk boýunça guramasynyň Wise-prezidenti we baş...
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi, onda saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, milli synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar....
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde dowam edýän gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyk meýdançalarynda birnäçe desgalarda, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleriň üstü...