SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen bir hatarda Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş...
OLEG KONONENKO TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Kosmonawt öz gutlagynda “Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar edilmegi boldy”...
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde halkara derejesinde bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sene hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen bu halkara baýramy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, köpçülikleýin sport çäreleriniň mähriban...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz işiniň örän köpdügine garamazdan, dürli maksatly desgala...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti ga...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara baýrama bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban halkymyzyň, aýratyn hem bagtyýar körpelerimiziň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyryp, bagtly çagalygyň Diýaryna öwrülen eziz Watanymyza buýsanjymyzy has artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Gözlerimiziň guwanjy, gö...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.