SOŇKY HABARLAR
PAKISTANYŇ GOŞUNYNYŇ BIRLEŞEN KARARGÄHLERINIŇ KOMITETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Pakistanyň goşunynyň Birleşen karargähleriniň komitetiniň başlygy, general Zubair Mahmud Haýatyň ýolbaşçylygyndaky Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Tarapla...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly, oňyn we ynanyşmak häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, şeýle hem...
BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ (UNHCR) 70-NJI SESSIÝASYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY BARADA MAGLUMAT
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet 2019-njy ýylyň 7-11-nji oktýabry aralygynda BMG-niň Ženewadaky binasynda geçirilýän BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji sessiýasyna gatnaşýar. Sessiýany BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) başlygy, Alžiryň Ilçisi jenap Buejema Delmi açdy. Giriş sözünden soňra sessiýanyň açylyşynda BMG-niň Baş s...
TÜRKMENISTANYŇ BAE-KI BAŞ KONSULY PATENT GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) Baş konsuly Y.Amanow BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Dubaý şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy jenap Abdulrahman Ganem Al Mutaiwe Konsullyk patentini gowşurdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen bel...
TATARSTANDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 7-10-njy oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Dabaralara Türkmenistanyň köpsanly medeniýet we sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. Döredijilik çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen birlikde biziň ýurdumyzyň amaly-h...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. ...Hakyda milletimiziň ýaşaýşynyň a...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýa...