SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI EKOSOS-YŇ HOWANDARLYGY ASTYNDA GEÇIRILÝÄN ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMA GATNAŞMAK ÜÇIN NÝU-ÝORKA GELDI
2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine saparynyň birinji gününde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we maksatnamalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Has takygy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana we Baş sekretaryň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ös...
Demokratiýa we hukuk — döwletiň döredijilikli syýasatynyň sütünleri
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan, çärýekde bir gezek çykýan «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly ћurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Şonda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz ýurdumyzda ylmyň we bilimiň beýik geljegine uly ynam bilen garaýarys. Munuň üçin bolsa, biziň anyk maksatlarymyz we meýilnamalary...
GFR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN HOŞLAŞYK DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Margret Ýubber bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy hanym Ýubbere türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda nemes diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orun eýe...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň energetika baradaky komissiýasynyň agzasy, eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Kuroş Karam Pur Hagygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energetika, ulag, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwa...
Paýtagtymyzyň şäher gurluşygyny ösdürmek wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde iri durmuş ugurly taslamany amala aşyrmak — belent binalary bolan täze ýaşaýyş toplumyny döretmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi, bu toplumda ýüz müňden hem gowrak adam ýaşar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy we senagat pudaklarynyň ösdürilmegi ýurdumyzda giň möçberli şähergurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirmäge mü...
TÜRKMEN ARTISTLERI - HALK TANSLARYNYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA
Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde «Altyn Garagöz» ady bilen halk tanslarynyň 33-nji halkara bäsleşigi tamamlandy, bu bäsleşikde Türkmenistanyň «Laçyn» tans-saz folklor topary ikinji orny eýeläp, kümüş kuboga we pul baýragyna mynasyp boldy. Bu bäsleşik Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň howandarlygynda geçirildi, bu guramanyň esasy maksady türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini höweslendirmekden, umumy maddy we medeni gymmatlyklary gorap saklamakdan hem-de geljekki nesille...
Ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň iki medaly
Tailand Patyşalygynda ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ol 9 — 14-nji iýul aralygynda Çonburi şäherinde geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan 130 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine 4 türgen we bir emin wekilçilik etdi. Ýaryşyň ikinji gününde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Toýly Orazow 82 kilogram agram derejesinde çykyş edip, üçünji orny eýeledi. Ýene bir türgenimiz Türkmen döwlet be...